Nigerde terrorçylykly hüjüm guraldy

Nigeriň Mali serhedinde guralan terrorçylykly hüjümde 17 esger ýogaldy

2025410
Nigerde terrorçylykly hüjüm guraldy

Nigeriň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, harby ulag kerweniniň Tillaberi sebitinde şahsyýetleri näbelli bolan ýaragly adamlaryň hüjümine sezewar galandygy habar berildi. 

Beýanatda hüjümde 17 esgeriň ýogalandygy, 20 esgeriň ýaralanandygy mälim edildi. 

Tillaberi sebiti 3 ýurduň serhetleri hökmünde bilinýän Niger, Mali we Burkina-Faso döwletleriniň serhetleriniň birleşýän zolagynda ýerleşýär. 

Şol serhet zolagy Al Kaýda we DAIŞ bilen arabaglanşykly terrorçy toparlaryň ýygy-ýygydan hüjümlerine sezewar galýar. 



Degişli Habarlar