Hytaý Russiýa bilen Ýaragly güýçler boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleýär
Hytaýyň Goranmak ministri Li Şangfu Russiýa bilen Ýaragly güýçleriniň arasynda hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleýändiklerini habar berdi
Global Times gazedi tarapyndan berilen habara görä, Li Russiýada geçirilen XI Halkara Moskwa howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda, Hytaý-Russiýa harby gatnaşyklaryň alýans döretmezlik, konfrontasiýa, üçünji taraplary nyşana almazlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, şol ugur boýunça ýurtlaryň arasyndaky harby gatnaşyklara görelde bolýandygyny beýan etdi.
Li: "Iki ýurduň ýaragly güýçleriniň arasynda güýçli aragatnaşyk saklaýarys. Bu saparda rus kärdeşim Sergeý Şoýgu bilen täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak isleýäris" diýip mälim etdi.
Russiýa-Ukraina uruşy sebäpli Günbatar bilen dartgynlygyň dowam edýän döwründe Hytaýyň Russiýa bilen harby hyzmatdaşlygy bilen bagly tankydy belliklerine garşy Li: "Pekin bilen Russiýanyň arasynda açyk harby hyzmatdaşlygyň dünýäde parahatçylyga we durnuklylyga goşant goşjakdygyna ynanýaryn" diýip belledi.
Degişli Habarlar
Russiýa Liwandaky Raýatlaryna Ýurdy Terk Etmeklerini Maslahat Berdi
“Raýatlarymyza gysga wagtda Liwany terk etmeklerini maslahat berýäris we degişli çäreler görülýär"
Germaniýada partlama boldy
Germaniýanyň Kýoln şäherinde kafeleriň birinde bolan partlamada 2 adam ýeňil ýagdaýda ýaralandy