Dominikan Respublikasynda partlama boldy
Resmiler partlamanyň sebäbiniň derňelýändigini habar berdiler
2024952
Dominikan Respublikasynyň San-Kristobal şäherindäki bazarda ýerleşýän çörek bişirilýän sehde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy, 39 adam ýaralandy.
Ýerli resmiler San-Kristobal şäheriniň "Old Marketplace" diýip tanalýan bazardaky çörek bişirilýän sehde partlamanyň bolandygyny we käbir binalaryň ýumrulandygyny habar berdi.
Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 3 adamyň ýogalandygyny aýdan resmiler, azyndan 39 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdiler.
Resmiler partlamanyň sebäbiniň derňelýändigini habar berdiler.
Degişli Habarlar
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Russiýanyň Ukrainanyň Odessa şäherine guran hüjüminde 5 adam ýogaldy, 29 adam ýaralandy