Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýanyň Ukrainanyň territoriýasyna 15 sany "Şahed" kysymly uçarmansyz howa ulagy we 8 "Kalibr" raketasy bilen hüjüm gurandygy habar berildi

2024015
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri serkerdeliginden berilen beýanatda, düýn gije Russiýanyň Ukrainanyň topraklaryna uçarmansyz howa ulaglary we "Kalibr" kysymly raketalar bilen birnäçe hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Russiýanyň goşunynyň uçarmansyz howa ulaglaryny günorta-gündogardan we raketalary Gara deňizden atandygy bellenen beýanatda: "Duşman 15 Şahed uçarmansyz howa ulagyny we 8 Kalibr raletasyny ulandy. Harby-howa güýçlerimiz goranyş güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etmeginde ähli nyşanalary ýok etdi" diýip habar berildi. 

Raketalaryň we uçarmansyz howa ulaglarynyň bölekleriniň gaçan Odessa şäheriniň birnäçe ýerinde ýangynyň ýüze çykandygy, wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş toparlarynyň iş alyp barýandygy aýan edildi. 

Beýanatda ýerli wagt bilen sagat 05:00-da Bahmut ugrunda raketa goranyş birikmeleri tarapyndan ot açylyp rus dikuçarynyň ýere gaçyrylandygy mälim edildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Krym köprüsine guralan hüjümleriň Russiýanyň eden jenaýatlaryna jogapdygyny belledi. 

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşuy başlapdy. 


Etiketkalar: #Odessa , #hüjüm , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar