Etna wulkanynda partlama boldy

Italiýanyň Sisiliýa adasyndaky Etna wulkanynda düýn gije partlama boldy

2024326
Etna wulkanynda partlama boldy

Italiýan resmiler partlamanyň deslapky duýduryş manysyny berýändigini, wulkan bilen bagly duýduryş derejesiniň bir ädim ýokarlandyrylandygyny habar berdiler. 

Partlamadan soň Sisiliýa sebitindäki Kataniýa howa menzilindäki uçar gatnawlary wagtlaýyn togtadyldy. 

Italiýanyň Ansa habarlar agentligi tarapyndan berilen habarda, Kataniýa howa menziliniň ýerli wagt bilen sagat 13:00-a çenli ähli uçar gatnawlaryna ýapylandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar