ABŞ-da Harby Uçar Heläkçilige Uçrady
Uçaryň 2 uçarmany wakada ýeňil ýaralandy
2024251
![ABŞ-da Harby Uçar Heläkçilige Uçrady](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/ba77/16f8/1903/64d9d7a52d82a.jpg?time=1718851583)
ABŞ-da görkeziş uçuşyny amala aşyrýan harby uçar heläkçilige uçrady.
ABŞ-nyň Miçigan ştatynda görkeziş uçuşyny amala aşyrýan harby uçar ýaşaýyş jaýlarynyň awtoulag duralgasynda ýere gaçdy.
Uçaryň 2 uçarmanynyň wakada ýeňil ýaralanandygy we hassahanada bejergi astyna alynandygy nygtaldy.
Russiýada öndürlen Mig-23 kysymly harby uçaryň heläkçilige uçran ýerinde hiç kimiň ýokdygy bellenildi.
Heläkçilikden soň görkeziş uçuşlary bes edildi.
Harby uçaryň näme sebäpli heläkçilige uçrandygy bilinmeýär.
Degişli Habarlar
!["Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/5ac2/48c2/a801/6672c8f898d4b.jpg?time=1718851583)
"Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"
BMG: "Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi" diýip mälim etdi