Kipriň Grek Bölegi tokaý ýangynlaryna garşy sebitiň ýurtlaryndan kömek sorady

Kipriň Grek Bölegi Limassoldaky tokaý ýangynlaryna garşy göreş üçin sebitiň ýurtlaryndan kömek sorady

2020936
Kipriň Grek Bölegi tokaý ýangynlaryna garşy sebitiň ýurtlaryndan kömek sorady

Kipriň Grek Böleginiň metbugatynda berilen habarlara görä, Limassol şäheriniň Alasa obasynyň golaýynda penşenbe güni başlan we söndürilen tokaý ýangyny şu gün ýaňadandan başlady. 

Ýeliň täsiri bilen ýaýraýan we käbir ýaşaýyş zolaklaryna howp salýan tokaý ýangynlaryna garşy göreş hem howadan hem-de gury ýerden dowam edýärkä hökümediň metbugat geňeşçisi Konstantinos Letimbiotis, Daşary işler ministrliginiň kömek talap etmek üçin Ysraýyl, Liwan, Müsür we Gresiýa ýaly döwletler bilen aragatnaşyga geçendigini habar berdi. 

Habarlarda Iordaniýa tarapyndan ugradylan 3 dikuçaryň sebitdäki tokaý ýangynlaryna garşy göreşe gatnaşýandygy bellenip, ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygynyň we söndürileninden soň näme sebäpli ýaňadandan başlandygynyň derňelýändigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar