Noworossiýsk Portunda Partlama Sesleri Eşidildi

Russiýanyň Gara deňiziň kenaryndaky Noworossiýsk portunda ýary gije partlama sesleriniň eşidilendigi habar berildi.

2020167
Noworossiýsk Portunda Partlama Sesleri Eşidildi

Russiýanyň Goranmak ministrligi “sebitdäki deňiz slotuna iki sany kapitansyz deňiz ulagy bilen Ukraina tarapyndan guralan hüjümiň yza serpikdirilendigi” beýan etdi.

Beýannamada deňiz dronlarynyň anyklanandygy we flotuň daşky portuny goraýan rus gämileri tarapyndan hatardan çykarylandygy mälim edildi.

Bu habar tassyklanan halatynda Ukrainanyň Russiýanyň esasy söwda portlaryndan birine guran ilkinji hüjümi bolar.

Noworossiýskdäki tankerlere nebit ýüklenen Hazar turba geçiriji Konsorsiumy portuň ähli gämi gatnawyny wagtlaýynça bes edendigini habar berdi.

Desgalara zeper ýetmändigi we häzirki wagtda duran tankerlere nebit ýüklenmäge dowam edilýändigi habar berildi.

Russiýanyň geçen aý Ukrainanyň portlaryndan howpsuz galla eksportuna rus berilýän ylalaşygyň möhletini uzaltmazlygy, Gara deňizdäki we goňşy portlardaki çaknyşyklary ardyrdy.

Russiýanyň dronlary we raketalary Gara denizde ýa-da golaýynda köp sanly ukrain port desgasyny we galla siloslaryny urdy.



Degişli Habarlar