Grek Žurnalistiniň Adaty Bolmadyk Beýanaty Ünsleri Çekdi

Gresiýanyň köp tiražly gazetlerinden “Ta Neanyň” redaktory Ýorgo Papahristos Egeý deňiziniň grek köli däldigini beýan etdi.

2019337
Grek Žurnalistiniň Adaty Bolmadyk Beýanaty Ünsleri Çekdi

Papahristos türk-grek gatnaşyklaryndaky düşnüşmezlikler hakynda iňňän anyk we içgin frazalar ulandy.

Deňlik kadasyna laýyklykda Egeý deňiziniň günbataryň Gresiýa, gündogarynyň bolsa Türkiýä degişlidigini aýdan Papahristos, suw giňişliklerini 12 mile göterme talaplaryny “Gresiýa üçin diňe ýerliksiz hyýal” diýip häsýetlendirdi.

Grek žurnalisti; “Egeý diňe grek däldir we Egeýiň diňe grek bolmazlygynyň sebäplerinden biri hem teknoniki plitalaryň hereketleriniň ony bu görnüşe getirmegidir” diýdi.

Türkiýäniň hem Egeý deňizinde hukuklarynyn bardygyny nygtan Papahristos; “Egeý deňizini özümize degişli hasap etdigimiz saýyn goňşuçylyk gatnaşyklarymyz kadalaşmaz” diýdi.,

Grek žurnalisti aç-açan ýagdaýda Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadasyz bolmagyndan Gresiýanyň jogäpkärdigini aýtdy.

Türkiýäniň syýahatçylyk kampaniýasy “Türkaegean taslamasyny hem milli ýeniliş hökmünde kabul etmegiň ýalňyşdygyny beýan eden Papahristos, Gresiýanyň Syýahatçylyk ministrliginiň taslamany ýerlikli seljermändigini aýtdy.



Degişli Habarlar