ÝB Dini Kemsitmeleri Kabul Etmeýar

Bu barasynda ÝB-niň Halkara gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasatlar boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel beýannama berdi.

2016373
ÝB Dini Kemsitmeleri Kabul Etmeýar

ÝB-niň Halkara gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasatlar boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Şwesiýada we Daniýada Gurhana garşy geçirilen aksiýalardan soň dini kemsitmeleri höweslendirici ähli aksiýalara garşy durýandyklaryny beýan etdi.

Borrell Gurhana edilen kemsitme boýunça beren beýannamasynda; “Ýewropada käbir adamlaryn köp sanly musulmany biyncalyk eden aksiýalardan soň ÝB, dini ýigrenciň we tolerantsyzlygyň höweslendirilmeginiň ähli görnüşine berk garşy durýar” diýdi.

Dini cemagatlara sarpa goýmagyň ÝB-niň gymmatlyklaryndan biridigini nygtan Borrell, Gurhana ýa-da haýsydyr bir mukaddes kitaba edilen kemsitmäniň açyk meçew berme häsýetlidigini beýan etdi.

Borrell rasizmiň, daşary ýurt duşmançylygynyň we tolerantsyzlygyň ÝB-de ornunyň ýokdugynyo nygtap; “Dini azatlyklary we söz azatlygyny içerde hem-de daşarda goldamaga dowam ederis. Emma kanuny bolan ähli zat ahlaky däl. Özara düşünişmek we sarpa goýmak möhüm. Meçew bericileriň geçiren aksiýalary diňe bir bizi we cemgyýetlerimizi bölmäge çalyşýanlara hyzmat eder” diýdi.



Degişli Habarlar