ABŞ Ukrain Uçarmanlaryna F-16 Boýunça Tälim Boýunça Gyssagly Hereket Eder

ABŞ-nyň Prezidentiniň Milli howpsuzlykdan jogapkär geňeşçisi Jeýk Salliwan ukrain uçarmanlarynyň F-16 tälimi hakynda gyssagly hereket etjekdiklerini beýan etdi.

2014693
ABŞ Ukrain Uçarmanlaryna F-16 Boýunça Tälim Boýunça Gyssagly Hereket Eder

Salliwan Koloradoda dowam edýän Aspen howpsuzlyk forumynda Ukrainanyň F-16 harby uçarlaryndan netijeli peýdalanmagy we şolçäkde gerek bolan ukyplara eýe bolmagyna goldaw bermek üçin iş alyp barýandyklaryny aýtdy.

Bu meselede mümkin gadar gyssagly hereket etjekdiklerini beýan eden Salliwan, ukrain uçarmanlaryna tälim bermek boýunça ýaranlar bilen işleşýändiklerini we tehniki meseleleriň çözülmäge çalşylýandygyny beýan etdi.

Salliwan ukrain uçarmanlarynyň tälim almaga haçan başlajakdygyny anyk aýdyp bilmejekdigini, emma onuň birnäçe hepdäniň dowamynda boljakdygyny aýtdy.



Degişli Habarlar