Kosowa, TB2 Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Kabul Edip Aldy

Kurti, “Kosowa indi özüni has howpsuz duýýar” diýdi.

2012072
Kosowa, TB2 Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Kabul Edip Aldy

Kosowanyň Premýer-ministri Albin Kurti, Türkiýeden satyn alynan Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny kabul edip alandyklaryny mälim etid.

Sosial mediadan beren habarnamsaynda TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň fotosuratlaryna hem ýer beren Kurti, “Kosowa indi özüni has howpsuz duýýar” diýdi.

TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň kabul ediş dabarasyna Goranmak ministri Armend Mehaž bilen birlikde Kosowa Howpsuzlyk güýçleriniň serkerdesi Žasari hem gatnaşdy.

Premýer-ministri Kurti, ofiserlere TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň ulanylmagy meselesinde harby tälimiň berlendigini ýatlatdy.

Kosowanyň näçe sany TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagyny satyn alandygy barada bolsa maglumat berilmedi.



Degişli Habarlar