“ABŞ-nyň we Ýewropanyň Elinde Ýeterlik Ok-Däri Ýok”

Putin, ABŞ-nyň we Ýewropanyň elinde ýeterlik ok-däriniň ýokdygyny aýtdy.

2012073
“ABŞ-nyň we Ýewropanyň Elinde Ýeterlik Ok-Däri Ýok”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ABŞ-nyň we Ýewropanyň elinde ýeterlik ok-däriniň ýokdygyny, şol sebäpli hem Ukraina kasset bombasyny bermegi teklip edendigini aýtdy.

Kremlde metbugata beýannama beren Putin, Amerikan hökümetiniň ýaňy ýakynda şol bombalary ulanmagyň jenaýatdygyny öňe sürendigini ýatlatdy.

Putin, meselä şeýle çemeleşilmelidigini nygtady.

 Putin, “ABŞ elinde ýeterlik ok-däri bolmandygy üçin kasset bombalaryny teklip etdi” diýdi.

Ukrainanyň harby goşunynyň günde ortaça 5-6 müňe golaý 155 millimeterlik gülle ulanýandygyny aýdan Putin, ABŞ-nyň bolsa aýda 15 müň gülle öndürýändigini ýatlatdy.

Wladimir Putin, “Ýeterlik gülleleri ýok. Ýewropada onsuz hem ýeterlik ok-däri ýok. Kasset bombasynyň ulanylmagyny teklip etmekden başga zat tapyp bilmediler” diýdi.

Putin, Russiýanyň dürli görnüşde ýeterlik kasset bomba ätiýajynyň bardygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar