ABŞ-da Sil Apaty Sebäpli 3 Adam Ýogaldy

Sil apaty sebäpli 9 aýlyk bäbejik bilen birlikde 4 adam ýitdi.

2012122
ABŞ-da Sil Apaty Sebäpli 3 Adam Ýogaldy

ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apaty sebäpli 3 adam ýogaldy, 9 aýlyk bäbejik bilen birlikde 4 adam ýitdi.

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Pensilwaniýada aşa köp ýagýan ýagyşlar siliň gelmegine sebäp boldy.

Sil apaty sebäpli 3 adam ýogaldy, 9 aýlyk bäbejik bilen birlikde 4 adam ýitdi.

Sebitde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi nygtaldy.

Beýleki tarapdan Nýu-Ýorkda ýagyşlar sebäpli ýüzlerçe uçar saparynyň yza süýşürlendigi habar berildi.

 



Degişli Habarlar