Meksikada ýolagçy awtobusy gaýalyklardan aşak gaçdy

Meksikanyň Oahaka şäherinde ýolagçy awtobusynyň gaýalyklardan aşak gaçmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 25 adam ýogaldy, 17 adam ýaralandy

2007811
Meksikada ýolagçy awtobusy gaýalyklardan aşak gaçdy

Meksikanyň metbugatynda berilen habarlara görä ýurduň paýtagty Mehiko şäherinden Oahaka şäherine barýan ýolagçylary daşaýan awtobus, Penasko şäherçesiniň golaýynda gaýalyklardan aşak gaçdy. 

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 25 adam ýogaldy, 17 adam ýaralandy.

Sebite köp sanda tiz kömek we ýangyn söndüriji topar ugradyldy, ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy. 

Wakanyň näme sebäpli bolandygy bilen bagly derňew işi başladyldy. 



Degişli Habarlar