ABŞ-nyň Gazna Ministri Hytaýda Saparda Bolar

Ýellen iýul aýynyň 6-9-y aralygynda Hytaýyň paýtagty Pekine gider

2006203
ABŞ-nyň Gazna Ministri Hytaýda Saparda Bolar

ABŞ-nyň Gazna ministri Žanet Ýellen Hytaýda saparda bolar.

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berlen beýannamada, Ýelleniň iýul aýynyň 6-9-y aralygynda Hytaýyň paýtagty Pekine gitjekdigi nygtaldy.

Beýannamada, Ýelleniň hytaýly ýolbaşçylar bilen dünýäniň iň uly iki ykdysadyýetiniň arasyndaky gatnaşyklar we halkara kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesi hakynda pikir alyşjakdygy nygtaldy.

Beýannamada, Hytaý bilen özara bähbide laýyklykda amerikaly işçiler we maýadarlar üçin ykdysady mümkinçilikleriň artdyrylmagy meselesiniň hem gün tertibine getiriljekdigi bellenildi.

Beýannamda, howa çalşygy we karz krizisi ýaly halkara meseleler boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygy ýatladyldy.


Etiketkalar: #Gazna , #Hytaý , #Žanet Ýellen

Degişli Habarlar