Tongada ýer titremesi boldy

Ýer titremeden soň sunami duýduryşy berilmedi

2005933
Tongada ýer titremesi boldy

Ýuwaş okeanynda ýerleşýän ada ýurdy bolan Tonga şalygynda 6,9 bal ululygynda ýer titreme boldy. 

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy derňew edarasy ýer titremäniň güýç merkeziniň Neiafu şäheriniň 132 km demirgazyk-günbatarydygyny habar berdi. 

Ýeriň 225 km aşagynda emele gelen ýer titremede adam ýitgisiniň we zyýanyň çekilip-çekilmändigi barada maglumat berilmedi. 

Ýer titremeden soň sunami duýduryşy berilmedi. 

 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Tonga

Degişli Habarlar