Hindistanda Aşa Yssy Howa Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 166 Adama Ýetdi

Patnada mekdeplerde okuwlara 24-nji iýuna çenli arakesme berildi.

2001600
Hindistanda Aşa Yssy Howa Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 166 Adama Ýetdi

Hindistany soňky günlerde täsiri astyna alan aşa yssy howa tolkuny sebäpli ýogalanlaryň sany 166 adama ýetdi.

Ýolbaşçylaryň berýän maglumatyna görä, ýurtda soňky günlerde täsirli bolan aşa yssy howa sebäpli häzire çenli Uttar Pradeş welaýatynda 119, Bihar welaýatynda hem 47 bolmak bilen jemi 166 adam ýogaldy.

Uttar Pradeşiň Ballia şäherde hassaha ýüz tutýanlaryň sanynyň aşa köplügi sebäpli hassa kabul edip bilmeýändigi, hassahananyň morgunyň hem dolandygy üçin yssy howa sebäpli ýogalanlaryň hossarlary tabytlaryny öýlerine alyp gitmeli bolandygy nygtalýar.

Bihar welaýatynyň paýtagty Patnada mekdeplerde okuwlara 24-nji iýuna çenli arakesme berildi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar