Şweýsariýada Erdogan we Türk baýdagy nyşana alynan meçew bermeler başdan geçirildi
Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň we Türkiyäniň baýdagynyň nyşana alynan meçew bermeler başdan geçirildi
"Sýurih Ynkylap iş taşlaýyş kollektiwi" atly topar tarapyndan Sýurihdäki UBS bankynyň öňünde Prezident Erdogana meňzeş gurjak we Türkiyäniň baýdagy ýakyldy.
Şweýsariýada müňlerçe adam tarapyndan geçirilen "Feminist iş taşlaýyş" toparynyň içine giren topar, bankyň öňünde meçew bermeden ozal "Erdogany öldüriň" ýazgyly şygar açdy.
Ýazgyly şygary we gurjagy Instagram hasabyndan paýlaşan topar, Twitterden gurjagyň ýanýan pursatyny görkezýän wideo çap etdi.
Alynan maglumata görä Şweýsariýanyň Polisiýa gullugy aksiýadan habarlarynyň ýokdugyny we rugsatsyz amala aşyrylandygyny mälim etdi.
Türkiyäniň Bern şäherindäki Ilçihanasynyň we Sýurih şäherindäki Baş konsullygynyň meçew berme bilen bagly Şweýsariýanyň federal resmileri bilen aragatnaşyga geçendigi habar berildi.
Degişli Habarlar
Ysraýyl, Gaza Sektoryny Ýykyp Ýumurýar
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gaza Sektorynda häzire çenli 33 milliard dollarlyk ýitgi çekildi.
BMG, Palestin Döwletiniň Ykrar Edilmegi Üçin Çagyryş Etdi
BMG-nyň habarnamaçylary dünýä ýurtlaryna Palestin döwletiniň ykrar edilmegi üçin çagyryş etdi.