ABŞ-da gutardyş dabarasynda ýaragly hüjüm guraldy
ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynda orta mekdepleriň birinde geçirilen gutardyş dabarasynda guralan ýaragly hüjümde 2 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy
1996717

ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynyň Riçmond etrabynda "Virgina Commonwealth" uniwersitediniň çäklerinde ýerleşýän "Hugueonet" atly orta mekdepde uçurym bolýan okuwçylar üçin geçirilen gutardyş dabarasynda ýaragly hüjüm guraldy.
Wakada 2 adam ýogaldy, 1-iniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 5 adam hem ýaralandy.
Ýogalan adamlaryň biriniň 18 ýaşyndadygy, beýlekisiniň bolsa 36 ýaşyndadygy mälim edildi.
Poilisiýa gullygy hüjüm bilen baglanşykly 1 adamy göz tussaglygyna aldy, waka bilen baglanşykly derňew işi dowam etdirilýär.
Hüjümçiniň 4 sany sapança ulanandygy we sapançalaryň polisiýa işgärleri tarapyndan ele salynandygy aýan edildi.
Şol ýerde geçiriljek beýleki gutardyş dabaralarynyň ählisi goý bolsun edildi.