Kolumbiýa UNASUR guramasynyň düzümine ýaňadandan goşular

Kolumbiýa 2019-njy ýylda düzüminden çykan Günorta Amerika Milletler Bileleşigine (UNASUR) gaýdyp barjakdygyny mälim etdi

1993373
Kolumbiýa UNASUR guramasynyň düzümine ýaňadandan goşular

Ýurduň ozalky Prezidenti Iwan Duke zamanyndan UNASUR-yň düzüminden çykan Kolumbiýa, ülkäniň häzirki Prezidenti Gustawo Petronyň karary bilen, bileleşige ýaňadandan gaýdyp barmak barada karar kabul etdi. 

Gustawo Petro Twitter hasabyndan beren beýanatynda, UNASUR-a ýaňadandan goşuljakdyklaryny belläp, bileleşigiň adynyň Günorta Amerika Milletleri Bileleşigi hökmünde üýtgedilmegi barada talap bildirjekdigini beýan etdi. 

UNASUR-yň düzüminden 2019-njy ýylda çykan Argentina şu ýylyň 22-nji martynda, Braziliýa bolsa 8-nji aprelde ýaňadandan goşuldylar. 

UNASUR-a agza bolan ýurtlar bolsa Wenesuela, Boliwiýa, Gaýana, Surinam we Peru döwletlerden ybarat. 

UNASUR Wenesuelanyň ozalky Döwlet baştutany Ugo Çawesiň goldawy bilen 2008-nji ýylda ABŞ-nyň sebitdäki täsirine garşy döredilipdi. 

UNASUR-yň düzüminde bolan 6 ýurt bloga kimiň ýolbaşçylyk etjekdigi babatynda başdan geçirilen düşünişmezçilik sebäpli 2018-nji ýylyň 21-nji aprelinde agzalyklaryny bes edipdiler. 

Boliwiýa, Argentina, Braziliýa, Çili, Kolumbiýa, Paragwaý we Peru baş sekretaryň saýlanmagy babatyndaky pikir aýrylyklary sebäpli şol wagt UNASUR-yň düzüminden wagtlaýyn häsýetde çykmak barada karar kabul edendiklerini mälim edipdiler. 


Etiketkalar: #Wenesuela , #Kolumbiýa

Degişli Habarlar