Kosowada Başdan Geçirilýän Wakalarda 30 Esger Ýaralandy

Zweçan, Zubin Potok we Leposawiçde protest ýörişleri geçirilýär.

1993039
Kosowada Başdan Geçirilýän Wakalarda 30 Esger Ýaralandy

NATO-nyň Kosowa parahatçylyk güýji KFOR, ýurduň demirgazygynda başdan geçirilýän wakalarda ýaralanan esgerleriň sanynyň 30-a ýetendigini mälim etdi.

KFOR tarapyndan berlen beýannamada, Zweçan häkimliginiň öňünde protest ýörişini geçiren serpler bilen KFOR güýçleriniň arasynda düýn başdan geçirlen wakalarda 11-i italiýaly, 19-y wengriýaly jemi 30 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, “KFOR-yň çäginde iş alyp barýan esgerler, taraplaryň arasyndaky çaknyşyklaryň  we dartgynlygyň möwjemeginiň öňüniň alynmagy üçin tagalla edýär. Kosowaly serper bilen kosowaly albanlara abanýan howplaryň öňüni aldy. Iki tarap hem jogapkärçilikli hereket etmeli”diýildi.

KFOR-yň, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň berýän ygtyýaryna laýyklykda Kosowada howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleri görmäge dowam etjekdigi ýatladyldy.

Soňky günlerde Kosowanyň demirgazygyndaky serpler  alban şäher häkimleriniň wezipesine başlamagynyň öňüni almak üçin Zweçan, Zubin Potok we Leposawiçde protest ýörişlerini geçirýär.



Degişli Habarlar