ABŞ Eýranyň ballistik raketa synagyny geçirmegine nägilelik bildirdi

ABŞ Eýranyň 2 müň km aralykly ballistik raketa synagyny geçirmegine nägilelik bildirdi

1991210
ABŞ Eýranyň ballistik raketa synagyny geçirmegine nägilelik bildirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mett Miller gündelik metbugat ýygnagynda, Eýranyň orta aralykly ballistik raleta synagyny geçirendigini bilýändiklerini belläp: "Eýranyň ballistik raketa özgertmegi we ýaýbaňlandyrmagy sebitleýin we halkara howpsuzlyga wehim salýar" diýip habar berildi. 

Eýranyň Ballistik raketa programmasyny has hem özgertmeginiň, raketalary we degişli tehnologiýalary beýleki ýurtlara ýaýbaňlandyrmagynyň öňüniň alynmagy üçin sanksiýalar bilen birlikde biri-birinden tapawutly çäreleriň görülmäge dowam ediljekdigini aýdan Miller: "BMG-yň Howpsuzlyk geňeşiniň 2231 belgili kararynyň çäginde Eýranyň raketa programmasy bilen baglanşykly işlerine goýulan çäklendirmelere garamazdan, Eýranyň daşary ýurtly üpjün edijilerden alýan tapawutly tehnologiýalary almaga we kararyň düzgünlerini berjaý etmän, ballistik raketa synaglaryny geçirmäge dowam edýär. Ozal belleýşimiz ýaly, ýadro ýaraga eýe blan Eýran has hem öjükdiriji hereket eder, şol sebäpli Eýranyň ýadro ýarag edinmeginiň öňüniň alynmagy babatynda hem tutanýerlidiris" diýip beýan etdi. 

Eýran Haýer (Hürremşehr-4) diýip atlandyrylýan orta aralykly ballistik raketasyny paýtagt Tähran şäherinde ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen çäre bilen tanyşdyrypdy. 

Döwlet telewideniýesinde raketanyň uçurylandygy we ondan soň nyşanany ýok edendigi görkezildi. 

Gury ýerden gury ýere 2 müň km aralyga eýe bolan suwuk ýangyçly ballistik raketa Haýber 1500 kg agyrlygynda harby boýegolowka daşap bilýär. 


Etiketkalar: #ABŞ , #raketa , #Eýran

Degişli Habarlar