“Sudandaky Çaknyşyklar Sebit Ýurtlaryna Ýaramaz Täsirini Ýetirer”

Stefan Dužarriç, metbugata beren beýannamasynda, Sudandaky çaknyşyklar hakynda durup geçdi.

1990095
“Sudandaky Çaknyşyklar Sebit Ýurtlaryna Ýaramaz Täsirini Ýetirer”

BMG, Sudandaky çaknyşyklar bes edilmän halatynda sebit ýurtlaryna ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigine ünsi çekdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç, metbugata beren beýannamasynda, Sudandaky çaknyşyklar hakynda durup geçdi.

Sebitiň diýseň ynjyk döwürden geçýändigine ünsi çeken Dužarriç, Sudanda çaknyşýan taraplaryň asuda ilatyň bähbidine uly ähmiýet bermelidigini aýtdy.

Sudandaky çaknyşyklaryň, Günorta Sudan we Çad ýaly beýleki sebit ýurtlaryna ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigine ünsi çeken Dužarriç “Sudandaky çaknyşyklar bes edilmän halatynda ýüze çykyp biljek gumanitar pajyga diňe Sudana däl eýsem sebit ýurtlaryna hem ýaramaz täsirini ýetier” diýip duýdyryş berdi.

Dužarriç, BMG-nyň gysga möhletli ylalaşykdan soň 168 konteýnerlik ynsanperwer kömegini 4 million adama ýetirmäge taýardygyny belledi.


Etiketkalar: #çaknyşyk , #BMG , #Sudan

Degişli Habarlar