“Käbir Ýerlerde Rus Güýçleri Yza Serpikdirildi”

Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, serkerdeler bilen maslahat geçirendiklerini nygtady.

1985793
“Käbir Ýerlerde Rus Güýçleri Yza Serpikdirildi”

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Ukrainanyň harby goşunynyň ýurduň gündogaryndaky front liniýasynda käbir ýerlerde rus güýçlerini yza serpikdirendigini aýtdy.

Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, serkerdeler bilen maslahat geçirendiklerini nygtady.

Maslahatda, Ukrainanyň Gury ýer we Gündogar güýçleri serkerdesi Aleksandr Syrskiniň front liniýasyndaky ýagdaý hakynda maglumat berendigini aýdan Zelenskiý, “Harby topary bilen düşmany durduran we hatda olary yzyna serpikdiren serkerdäniň habarnamasyny dinledik” diýdi.

Maslahatda Tawriýada, Odessada we demirgazykda başdan geçirilýän soňky wakalaryň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdan Zelenskiý, şol sebitleriň gözegçilik astyndadygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar