“Russiýa, Ukrainanyň Prezidentiniň Janyna Kast Etmäge Synanşyp Biler”

Kuleba “Eger ruslar Prezident Zelenskiýni öldürmek üçin pursat tapan halatynda, elbetde muňa synanşar” diýdi.

1984758
“Russiýa, Ukrainanyň Prezidentiniň Janyna Kast Etmäge Synanşyp Biler”

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Russiýanyň, Prezident Wladimir Zelenskiýini täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin pursadyny tapan halatynda synanşyp biljekdigini öňe sürdi.

Kuleba, nemes gazetine beren beýannamasynda, Zelenskiýniň janyna kast edilmäge synanşylandygy hakynda öňe sürülýän garaýyşlar barada “Eger ruslar Prezident Zelenskiýni öldürmek üçin pursat tapan halatynda, elbetde muňa synanşar” diýdi.

Ukrainanyň prezidentiniň öldürilmegi üçin çagyryş beren Russiýanyň ozalky döwlet Ýolbaşçysy Dmitriý Medwedewe jogap beren Kuleba, “Bu meselede diňe Medwedewiň Telegrama girmezden öň az içmelidigini aýdyp bilerin”diýdi.

Germaniýanyň Ukraina berýän ýarag we harby enjam kömegine ünsi çeken Kuleba, “Elbetde söweşde ýeňiş gazanmak üçin has köp ýarag we harby enjam kömegine garaşýarys. Bize sowutly ulaglar we howa goranyş ulgamlary gererk. Bularyň ähli Germaniýada bar, elbetde Germaniýa bize ýarag kömegini berdi emma has köp kömek berip biler” diýdi.

Ukrainanyň NATO agzalygy meselesinde hem durup geçen Kuleba “Germaniýa Ýewropada howpsuz hyzmatdaş isleýän bolsa Ukraina NATO agza bolmaly” diýip belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar