Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Soňky 2 günde sil apaty sebäpli 4 adam ýogaldy.
1983592
Owganystanda üç welaýatda soňky 2 günde sil apaty sebäpli 4 adam ýogaldy.
Talibanyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat sekretary Şefiullah Rahimi, ýurduň Nangarhar, Paktiýa we Host welaýatlarynda aşa köp ýagýan ýagyşlaryň siliň gelmegine sebäp bolandygyny aýtdy.
Rahimi, şol welaýatlarda soňky 2 günde sil apaty sebäpli 4 adamyň ýogalandygyny, 3 adamyň ýaralanandygyny belledi.
Rahimi, sil sebäpli 60 öýe zeper ýetirlendigini, 350 haýwanyň heläk bolandygyny ýatlatdy.
Degişli Habarlar
!["Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/5ac2/48c2/a801/6672c8f898d4b.jpg?time=1718858673)
"Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"
BMG: "Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi" diýip mälim etdi