Pakistanda Sil Sebäpli 8 Adam Ýogaldy

Apatyň onlarça ýaşaýyş jaýyna we ekin meýdanyna zeper ýetirendigi bellenildi.

1981548
Pakistanda Sil Sebäpli 8 Adam Ýogaldy

Pakistanda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli ýogalanlaryň sany 8 adama ýetdi.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, ýurduň günorta günbatarynda ýerleşýän Buluçistan welaýatynda öňňin başlan ýagyş siliň gelmegine sebäp boldy.

Ýaşlar bilen gelen sil apatyndan soň bolan heläkçiliklerde Buluçistanda ýene-de 3 adam ýogaldy. Şeýlelikde welaýatda ýogalanlaryň sany 8 adama ýetdi.

Aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýollaryň gatnawa ýapyladygy nygtaldy.

Apatyň onlarça ýaşaýyş jaýyna we ekin meýdanyna zeper ýetirendigi bellenildi.

 

 



Degişli Habarlar