Belgiýada işe welosiped bilen gidenlere pul beriler

Täze gollanma bilen ýurtda welosiped ulanylyşynyň has hem ýaýbaňlanmagyna garaşylýar

1981453
Belgiýada işe welosiped bilen gidenlere pul beriler

Belgiýanyň Milli Zähmet geňeşiniň çäginde iş berijiler we işçileriň wekilleriniň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklyda, işe welosiped bilen gidenlere welosiped üçin töleg berilmegi mejbur ýagdaýa getirildi. 

Şol ylalaşyga laýyklykda işgärler 1-nji maýdan başlap, işe welosiped bilen giden halatlarynda iş berijilerden her 1 km aralyga 0,27 ýewro töleg alar. Şol tölegden salgyt alynmaz. 

Bir işgäriň gündelik welosiped tölegi 40 km geçmeli däl. Şeýlelik bilen welosiped tölegi gündelik 10,8 ýewro bilen çäkli galar. 

Täze gollanma bilen ýurtda welosiped ulanylyşynyň has hem ýaýbaňlanmagyna garaşylýar. 


Etiketkalar: #Belgiýa , #töleg , #welosiped

Degişli Habarlar