Ulf Kristersson: "Şwesiýanyň NATO agzalygy Türkiyäniň kararyna bagly" diýdi

Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson ýurt hökmünde häzirki wagtda uly howp astyndadyklaryny belläp, Şwesiýanyň NATO agzalygynyň Türkiyäniň kararyna baglydygyny mälim etdi

1976706
Ulf Kristersson: "Şwesiýanyň NATO agzalygy Türkiyäniň kararyna bagly" diýdi

Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyry bilen bagly Aftonbladet gazedine beýannama beren Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson, Finlýandiýanyň NATO agzalygynyň tassyklanmagyna şatdygyny habar berdi. 

Kristersson: "NATO-da däldigimiz üçin gynanjymy mälim etdim. Ýurt hökmünde häzirki wagtda uly howp astyndadyrys, ylalaşmagyň wagty geldi. Indi iş dolulygyna Türkiyä bagly, Türkiyäniň berjek kararynada hormat goýaryn" diýip belledi. 

Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson: "1-nji iýunda güýje girjek terror kanuny bar, ine şol wagt Türkiyä beren sözlerimizi ýerine ýetirdigimiz bolar" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar