Russiýanyň Daşary işler ministri Wenesuelada saparda bolýar

Latyn Amerika ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Wenesuela baran Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ýurduň Döwlet baştutany Nikolas Maduro tarapyndan kabul edildi

1977011
Russiýanyň Daşary işler ministri Wenesuelada saparda bolýar

Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk, Maduronyň ýer eýeçilik etmeginde Miraflores Prezident köşgünde geçirildi.  

Twitter hasabyndan Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygynyň suratlaryny paýlaşan Maduro: "Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy we ýurdumyzyň galkynmagy bilen bagly tapawutly ugurlar boýunça umumy hyzmatdaşlyk kartasyny güýçlendirýän duşuşyk geçirdik" diýip habar berdi. 

Sergeý Lawrow Wenesuela saparynyň başynda kärdeşi Iwan Gil we Wenesuelanyň Wise-prezidenti Delsi Rodriges bilen duşuşyk geçiripdi. 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Sergeý Lawrowyň 17-21-nji aprel arlygynda Braziliýa, Wenesuela, Nikaragua we Kuba resmi sapar gurajakdygy habar berilipdi. 



Degişli Habarlar