Palestinanyň Prezidenti Saud Arabystanynda Saparda Bolýar

Saud Arabystanyna giden Abbas Jidde şäherinde Bin Salman bilen duşuşdy.

1977214
Palestinanyň Prezidenti Saud Arabystanynda Saparda Bolýar

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen Palestina meselesi hakynda pikir alyşdy.

Palestinanyň WAFA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, resmi sapar bilen Saud Arabystanyna giden Abbas Jidde şäherinde Bin Salman bilen duşuşdy.

Mahmud Abbas, iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirlen duşuşykda, Palestina meselesinde başdan geçirilýän soňky wakalar we basyp alyşlyk astyndaky Palestinanyň ýagdaýy hakynda maglumat berdi.

Saud Arabystanynyň Palestina meselesinde uly rol oýnaýandygyny aýdan Abbas, Palestinanyň halkyna goldaw berilmeginiň möhümdigini belledi.

Abbas, Palestinanyň halky “Arap Parahatçylyk başlangyjyna bagly, paýtagty Iýerusalim bolan garaşsyz, özygtyýarly we legal Palestina döwletiniň gurulmagyna garaşýar” diýdi.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar