ABŞ Terror guramasy ÝPG/SDG Bilen Hyzmatdaşlyk Edýär

“SDG bilen 2014-2015-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýäris. Olar PKK däl, DAEŞ-y ýeňmek üçin hyzmatdaşlyk etdik"

1975037
ABŞ Terror guramasy ÝPG/SDG Bilen Hyzmatdaşlyk Edýär

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat sekretary Patrik Raýder, 2014-nji ýyldan bäri Siriýada “SDG” adyny ulanýan terror guramasy ÝPG bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy.

Pentaogynyň metbugat sekretary, Amerikan esgerleriniň, Siriýada “SDG” adyny ulanýan terror guramasy ÝPG/PKK-nyň ýolbaşçysy Ferhat Abdi Şahin bilen şol bir ulagda bolmagy we Demirgazyk Yraga guran saparyna ýoldaşlyk etmegi hakyndaky soraglara jogap berdi.

Raýdar “SDG bilen 2014-2015-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýäris. Olar PKK däl, DAEŞ-y ýeňmek üçin hyzmatdaşlyk etdik. Birnäçe wagtdan bäri birlikde operasiýa geçirýäris” diýdi.

Pentagonyň metbugat sekretary, ABŞ-nyň razwetka gullugynyň habarnamalarynda terror guramasy hökmünde ýer alýandygyna garamazdan SGD-niň PKK bolmandygyny öňe sürdi.



Degişli Habarlar