Koreýa Respublikasynyň Kannyn Şäherinde Tokaý Ýangyna Garşy Göreş Dowam Edýär

Ýangynda azyndan 44 öýe zeper ýetendigi habar berildi.

1973020
Koreýa Respublikasynyň Kannyn Şäherinde Tokaý Ýangyna Garşy Göreş Dowam Edýär
g.kore orman yangini.jpg

Koreýa Respublikasynyň kenaýarka şäheri Kannynda köp sanly öýüň zyýan çekmegine, ýüzlerçe adamyň ewakuasiýa edilmegine sebäp bolan tokaý ýangynlaryna garşy göreş dowam edýär.

Gangwon welaýatynyň häkimi Kim Ýin-Ti, Kannynyň merkezi etraplaryndaky daglyk zolakda başlan ýangyny söndürmek üçin sebite 700-den gowrak ýangyn söndürijiniň we 300 ulagyň ugradylandygyny beýan etdi.

Ýangynda azyndan 44 öýe zeper ýetdi, 300-den gowrak adam ewakuasiýa edildi.

Güýç ýel ýangyn söndüriji uçarlaryň iş ukybyny azaldýandygy üçin toparlar ýangyna garşy göreşmekde kynçylyk çekýär.



Degişli Habarlar