ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

Kentukki ştatynyň gubernatory Endi Beşir hüjümden soň sebite bardy

1972687
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň Luiswill şäherindäki ýaragly hüjümde ilkinji eksgitlemelere görä 5 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy, hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 

Luiswill şäheriniň Polisiýa departamenti Twitter hasabyndan beren beýanatynda, hüjümiň guralandygyny tassyklap: "Sebitden uzak durmagyňyzy haýyş edýäris. Federal derňew býurosy wakanyň bolan ýerine bardy" diýip mälim edildi. 

Beýleki tarapdan 625 müň adamyň ýaşaýan şäheriň merkezindäki bir bankyň golaýynda polisiýa işgärleriniň adamlary uzaklaşdyrýandygy görüldi. 

Kentukki ştatynyň gubernatory Endi Beşir hüjümden soň sebite bardy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Luiswill , #Kentukki

Degişli Habarlar