Ýemende bombaly hüjüm guraldy

Ýemeniň paýtagty Sana şäherinde ýolagçy awtobusyna garşy guralan bombaly hüjümde 4 adam ýogaldy.

1971255
Ýemende bombaly hüjüm guraldy

Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Abdulhalyk al-Ajri tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, paýtagt Sana şäherinde ýolagçy awtobusyna garşy bombaly hüjümiň guralandygyny habar berdi. 

"Aksiýa geçirmek bilen taýarlyk gören we terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan 2 adamyň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda, şol adamlar yzarlanmaga başlandy. Olar yzarlanýandygyna göz ýetirenlerinden soň bir ýolagçy awtobusyna sygynyp, özlerini partlatdylar" diýip habar berilen beýanatda, partlamanyň netijesinde 2 hüjümçi bilen birlikde asuda ilatdan 2 adamyň hem ýogalandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar