“Russiýa Ýewropany Ýeňip Bilmez”

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý Polşa bardy

1970837
“Russiýa Ýewropany Ýeňip Bilmez”

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, “Ukraina bilen Polşa egin-egine hereket eden halatynda Russiýa Ýewropany ýeňip bilmez” diýdi.

Resmi sapar bilen Polşa baran Zelenskiý paýtagt Warşawada halka ýüzlenip çykyş etdi.

Polşanyň berýän harby kömeginiň Ukraina üçin diýseň möhümdigini we özygtyýarlygyna uly goşant goşýandygyny nygtan Zelenskiý, “Biziň azatlygymyz, siziň azatlygyňyza hem güýç goşýar” diýdi.

Zelenskiý, Polşanyň halkyna we hökümetine, ukrainalylary kabul edendiklerini üçin sagbolsun aýtdy.

Ukrainanyň lideri “Ukraina bilen Polşa egin-egine hereket eden halatynda Russiýa Ýewropany ýeňip bilmez”diýip belledi.

Polşanyň Prezidenti Duda hem Russiýanyň Ukrainadan dolulygyna çekilmegini isleýändiklerini belledi.

Duda, “ Şu gün Moskwa, Kremle ýüzlenýäris “Bizi bölüp bilmersiňiz” diýdi.

Polşa bilen Ukrainanyň arasyndaky taryhy baglara ünsi çeken Duda, “Polşalylar hökmünde doganlarymyza kömek bermäge dowam ederis. Ukraina tanklar, sowutly ulaglar we uçarlar berýäris we beýleki ýurtlara görelde bolýarys” diýdi.

Prezident Duda, Polşanyň Ukraina häzire çenli 8 sany “MİG-29” ksymly harby uçar berendiklerini we ýene-de 6 uçar berjekdiklerini ýatlatdy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý saparynyň çäginde Polşaly ýolbaşçylar bilen birnäçe şertnama baglaşdy.



Degişli Habarlar