Braziliýada Çagalar Bagyna Guralan Hüjümde 4 Çaga Ýogaldy

3 günlük milli ýas yglan edildi

1970818
Braziliýada Çagalar Bagyna Guralan Hüjümde 4 Çaga Ýogaldy

Braziliýanyň Santa-Katarina sebitinde çagalar bagyna guralan hüjümde 4 çaga ýogaldy.

25 ýaşyndaky hüjümçi palta meňzeş ýarag bilen 4 çagany öldürenden soň howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.

Gubernator Mello, Blumenaudaky çagalar bagynda başdan geçirlen waka uly gynanç bildirýändigini nygtady.

Mello 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigini habar berdi.

Hüjümde 4 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

 

 



Degişli Habarlar