ABŞ-nyň Prezidenti Britaniýanyň Şasy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Baýden, Şa Çarlzy, golaýlan täç geýmek dabarasy bilen gutlady

1970100
ABŞ-nyň Prezidenti Britaniýanyň Şasy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Ak Tam, Prezident Jo Baýdeniň Britaniýanyň Şasy Çarlz III bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berdi.

Telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky güýçli gatnaşyklara ünsi çeken Jo Baýdeniň, Şa Çarlzy, golaýlan täç geýmek dabarasy bilen gutlandygy nygtaldy.

Aýaly Žill Baýdeniň ABŞ-nyň adyndan dabara gatnaşmak üçin sabyrsyzlanýandygyny aýdan Baýden, Şa bilen Britaniýada duşuşmak isleýändigini belledi.



Degişli Habarlar