Taýwanyň ABŞ-dan Satyn Alan Raketalary Şu Ýyl Gowşurlar
Raketalaryň Taýwana satylmagy üçin ABŞ bilen 2019-njy ýylyň iýul aýynda şertnama baglaşylypdy
1968366

Taýwan, ABŞ-dan satyn alan 400 Žawelin antitank raketalarynyň şu ýyl gowşurylmaga başlanjakdygyny mälim etdi.
Taýwanyň habarlar gullugy JNA-nyň berýän habaryna görä, 200 raketa üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda, galan 200 raketa bolsa 2024-nji ýylda kabul edilip alynar.
400 Žawelin antitank raketalarynyň Taýwana satylmagy üçin ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp döwründe 2019-njy ýylyň iýul aýynda şertnama baglaşylypdy.
Degişli Habarlar

Fransiýada pyçakly hüjüm guraldy
Fransiýanyň Ansi şäherinde guralan pyçakly hüjümde 8-i çaga jemi 9 adam ýaralandy