Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 10 Adam Ýogaldy

Sil apaty esasan Perwan we Balh welaýatlaryna uly zeper ýetirdi

1968082
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 10 Adam Ýogaldy

Owganystanda 23 welaýatda soňky 1 hepde-de sil apaty sebäpli 10 adam ýogaldy.

Tebigy apatlar dolanşygynyň metbugat sekretary Şefi Rahimi, metbugata beren beýannamasynda, Owganystanda 23 welaýatda soňky 1 hepdede aşa köp ýagýan ýagyşlaryň siliň gelmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

Sil sebäpli 10 adamyň ýogalandygyny aýdan Rahimi, 76 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Siliň aşagynda galan 1800 öýe uly zeper ýetirlendigini aýdan Rahimi, 22 müň gekdarlyk ekin meýdanynyn hem suwyň aşagynda galandygyny ýatlatdy.

Rahimi sil apatynyň esasan Perwan we Balh welaýatlaryna uly zeper ýetirendigini nygtady.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar