ABŞ-da mekdepde ýaragly hüjüm guraldy

Polisiýa gullugy hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

1966016
ABŞ-da mekdepde ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Tennessi ştatynda buthana degişli mekdebe guralan ýaragly hüjümde 3-si çaga jemi 6 adam ýogaldy. 

Polisiýa gullugy hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Metro Neşwill Polisiýa departamenti ýanynda 2 sany uzyn nilli ýarag we 1 sapança tapylan hüjümçiniň, özüniň hem şol mekdepden uçurym bolan 28 ýaşyndaky Odri Elizabet Heýl atly zenandygyny habar berdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, hüjümden soň ýaraglanma bilen baglanşykly has berk düzgünleriň girizilmegi bilen bagly kanunyň kabul edilmegi üçin Kongrese işe girişmäge çagyrdy. 

Jo Baýden mundan başgada ýurt derejesinde Ak Tam bilen birlikde ähli döwlet binalarynda, harby garnizonlarda we harby gämilerde baýdaklaryň 31-nji mart güni gün ýaşýança çenli düşürilmegi barada görkezme berdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #mekdep , #ABŞ

Degişli Habarlar