Putin: "Günbatar täze bir alýans döretmek isleýär" diýdi
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurdunyň Hytaý bilen harby alýans içinde bolmandygyny habar berdi
1965162

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Russiýanyň döwlet telewideniýesine beýannama berdi.
Putin Russiýanyň Hytaý bilen hiç hili alýans içinde bolmandygyny, iki ýurduň arasyndaky harby-tehniki hyzmatdaşlygyň açyk ýagdaýda alynyp barylýandygyny mälim etdi.
Günbatar ýurtlaryny tankyt eden Putin, II Jahan urşunda Germaniýanyň, Italiýanyň we Ýaponiýanyň ýolbaşçylygyndaky Osi agza döwletler alýansyny ýatlatdy.
ABŞ-nyň we NATO-nyň has global alýanslar emele getirmek isleýändigini aýdan rus lider: "Günbatar täze bir Osi döwletler alýansyny döretmek isleýär" diýip nygtady.