Eýranda Bolan Ýer Titremelerinde Ýaralananlaryň Sany 165 Adama Ýetdi

Ýer tiremesi sebäpli Selman we Hoý şäherlerinde 10 obada 80 ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirlendigi nygtaldy.

1964828
Eýranda Bolan Ýer Titremelerinde Ýaralananlaryň Sany 165 Adama Ýetdi

Eýranyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Hoý şäherinde bolan ýer titremelerinde ýaralananlaryň sany 165 adama ýetdi.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň gubernatory Sadyk Mutemediýan, güýç merkezi Hoý şäherinde bolan 5,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýaralanan 165 adamdan 139-nyň bejergisiniň tamamlanandygyny, beýlekileriniň bejergisiniň bolsa dowam edýändigini mälim etdi.

Ýer tiremesi sebäpli Selman we Hoý şäherlerinde 10 obada 80 ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirlendigi nygtaldy.

Eýranyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Hoý şäherinde düýn ir etrir ýerli wagt bilen 06.46-da 5,6 ululygynda ýer titremesi bolupdy.

Ýer titremesi zerarly ilkinji kesgitlemelere görä, Hoý we Selman şäherlerinde 82 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar