Hytaýyň Döwlet Ýolbaşçysy Moskwada Saparda Bolar
Si Sizinpin, Putiniň çakylygyna laýyklykda mart aýynyň 20-22-si aralygynda Moskwa resmi sapar gurar
Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin, ýurdunuň Russiýa-Ukraina söweşindäki tutumy we Russiýa bilen ýakynlygynyň jedelleşilýän döwründe Moskwada saparda bolar.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hua Çunin, beren beýannamasynda, Si Sizinpiniň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň çakylygyna laýyklykda mart aýynyň 20-22-si aralygynda Moskwa resmi sapar gurajakdygyny mälim etdi.
Kremlden berlen beýannamada hem, Putin bilen Sizinpiniň duşuşygynda “Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň seljeriljekdigi” nygtaldy.
Iki lideriň duşuşygynda halkara hyzmatdaşlyk meselesinin hem gün tertibine getiriljekdigi we saparyň çäginde käbir şertnamalara gol çekişiljekdigi ýatladyldy.
Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan bäri ilkinji gezek Russiýada saparda bolar.
Saparyň, Hytaýyň Russiýa-Ukraina söweşindäki tutumynyň jedelleşilýän we ABŞ bilen geoasyýasy bäsleşikde Russiýa bilen ýakynlaşýan döwrüne gabat gelmegi ünsleri özüne çekýär.
Degişli Habarlar

“F-16-lar Türkiýe we NATO Üçin Diýseň Möhüm”
Blinken, Türkiýäniň F-16 harby uçarlarynyň NATO üçin hem möhümdigini aýtdy

Gwineýada Her Sagatda Bir Adam Suwuň Hapalygy we Gigiýeniki Hassalyklar Sebäpli Ýogalýar
Gwineýadaky ýaramaz sanitariýa şertleri uly hassalyk howpuny emele getirdi