Obrador: "Meksika ABŞ-dan howpsuz" diýdi

Meksikanyň Döwlet baştutany Andres Manuel Lopes Obrador, ABŞ-nyň Meksika bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyndan soň, ýurdunyň ABŞ-dan has howpsuzdygyny beýan etdi

1959257
Obrador: "Meksika ABŞ-dan howpsuz" diýdi

Meksikanyň Döwlet baştutany Andres Manuel Lopes Obrador, ABŞ-nyň Meksika bilen bagly syýahatçylyk duýduryşy barada: "Bu paranoýa näme sebäpli?" sözlerini ulandy. 

Andres Manuel Lopes Obrador: "Meksika ABŞ-dan howpsuz we Meksikada howpsuz ýagdaýda syýahat edip bolýar" diýip belledi. 

Geçen hepde ABŞ-nyň 4 raýaty, Meksika serhedini geçenlerinden gysga wagt soň zamun alynypdy, şol adamlaryň 2-si öldürilipdi, 2-si bolsa şikes ýetmeden azat edilipdi. 

ABŞ-ly resmiler şol hadysalardan soň, Meksika bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny çap edipdi. 



Degişli Habarlar