Zelenskiý Bilen Pawel Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

“Paweli resmi taýdan wezipesine başlandygy sebäpli gutladym”

1958571
Zelenskiý Bilen Pawel Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Russiýa bilen dowam edýän söweşde Çehiýanyň goldawynyň Ukraina üçin diýseň möhümdigini nygtady.

Zelenskiý, Twitterden beren habarnamasynda, Çeh Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Zelenskiý habarnamasynda “Paweli resmi taýdan wezipesine başlandygy sebäpli gutladym”diýdi.

Prezident Pawele front liniýasyndaky ýagdaý we Ukrainanyň howpsuzlygy hakynda maglumat berendigini aýdan Zelenskiý, Ukrainanyň ÝB-ne agzalygy meselesi hakynda hem pikir alyşandyklaryny ýatlatdy.

Zelenskiý, Prezident Pawel bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny nygtap “Russiýanyň hüjümlerine garşy göreşde Çehiýanyň goldawy Ukraina üçin diýseň möhüm” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar