Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 15 adam ýogaldy

Nigeriýanyň Kaduna ştatynda guralan ýaragly hüjümde 15 adam ýogaldy

1958496
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 15 adam ýogaldy

Milli metbugatda berilen habarlara görä Kaduna ştatynyň Zangon Kataf sebitiniň resmisi Fransis Sani beren beýanatynda, Kaduna ştatynyň Zangon Kataf sebitinde ýaragly toparlaryň hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Hüjümde 15 adamyň ýogalandygyny aýdan Sani, köp sanda adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Sani hüjüm sebäpli käbir sebitlerde köçä çykmak gadagançylygynyň girizilendigi barada maglumat berdi. 

 



Degişli Habarlar