“Maksatlarymyza Häzirlikçe Diňe Harby Taýdan Ýeteriz”

Peskow, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.

1959074
“Maksatlarymyza Häzirlikçe Diňe Harby Taýdan Ýeteriz”

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýanyň Ukraina maksadyna diňe harby taýdan ýetjekdiklerini aýtdy.

Peskow, paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.

Mýunhen Howpsuzlyk kongerensiýasynyň başlygy, ozalky ilçi Wolfgang İşingeriň “Günbataryň Ukraina bilen arabaglanşykly parahatçylyk meýilnamasyny taýarlamalydygy we aragatnaşyk toparynyň döredilmelidigi” hakyndaky beýannamasy barasynda durup geçen Peskow, ady agzalýan garaýşa goldaw bermeýändiklerini nygtady.

Peskow, Ukraina meselesiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin heniz amatly şertiň döredilmändigini nygtap, “Maksatlarymyza häzirlikçe diňe harby taýdan ýeteriz” diýip belledi.



Degişli Habarlar