Owganystanyň Mazari-Şarif şäherinde bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň Mazari-Şarif şäherindäki medeniýet merkezinde guralan bombaly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy

1958310
Owganystanyň Mazari-Şarif şäherinde bombaly hüjüm guraldy

Balh welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Muhammed Asyf Weziri, Mazari-Şarif şäheriniň merkezinde ýerleşýän Tibýan medeniýet merkezinde metbugat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede bombaly hüjümiň guralandygyny habar berdi. 

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 1 adamyň ýogalandygyny aýdan Weziri, 5 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi. 

Weziri ýaralanan adamlaryň arasynda metbugat işgärleriniň hem bardygyny beýan etdi. 

Şaýatlar bolsa hüjümde 3 adamyň ýogalandygyny, 10 adamyň hem ýaralanandygyny öňe sürdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar